Serdar Berdimuhamedow kazylary wezipä bellemek we boşatmak hakynda Permana gol çekdi

07.06.2024, 05:3425,480

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

Degişli resminama döwlet Baştutany 6-njy iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň barşynda gol çekdi.
Resminama laýyklykda:

  • Gaýgysyz Kakabaýewiç Orazmyradowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden;
  • Jumamyrat Çaryýewiç Açylowy Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden;
  • Amangeldi Döwletgeldiýewiç Allaberenowy Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden;
  • Sulgunjemal Saparbaýewna Tulekowany Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden;
  • Mekan Ýazmyradowiç Çaryýewi Mary welaýatynyň Türkmengala etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;
  • Soltanmyrat Tuwakmyradowiç Tuwakmyradowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini;
  • Mekan Aşyrgeldiýewiç Ilýasowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini;
  • Mährijemal Rejepmuratowna Tokaýewany Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini;
  • Aýna Jumageldiýewna Geldiýewany Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli;
  • Maksat Baýramowiç Ataýewi ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden;
  • Öwezmyrat Ýaranowiç Ataýewi ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.