Serdar Berdimuhamedow Narendra Modini Premýer-ministr wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

12.06.2024, 11:257,039

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Narendra Modä Hindistanda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda ýolbaşçylyk edýän Hindistanyň Halk partiýasynyň ýeňiş gazanmagy we onuň Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany hatynda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny we döwletara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.
Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrine tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, ýurduň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.