Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14.06.2024, 10:093,773

12-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary N.Ýylmazyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde taraplar halkara we sebitleýin gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şol sanda BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak baradaky özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Bulardan başgada, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.