Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy

14.06.2024, 10:333,206

12-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Mejlisinde habar bermeklerine görä, ilçi öz çykyşynda döwletara we halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli ösüşi, Türkmenistanda durmuşa geçirilen özgertmeler, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň ähmiýeti barada aýtdy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Halkara parlament guramalarynyň çäklerinde, şeýle hem ikitaraplaýyn we sebitleýin esasda ugurdaş komitetleriň, zenanlaryň, ýaş parlamentarileriň duşuşyklaryny we maslahatlaryny yzygiderli esasda guramagyň kanunçykaryjylyk işi babatynda tejribeleri paýlaşmakda amatly meýdança döredýändigi bellenildi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.