Rapid we blitz boýunça dünýä çempionaty Nýu-Ýorkda geçiriler

19.06.2024, 11:023,620

Rapid we blitz boýunça dünýä çempionaty 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Nýu-Ýorkda geçiriler. Bu barada Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) saýtynda habar berilýär.

Ýaryşa dünýä reýtinginiň lideri norwegiýaly Magnus Karlsen, amerikalylar Hikaru Nakamura, Fabiano Karuana we Irina Kruş, şeýle-de zenanlaryň arasynda on ýedinji dünýä çempiony hytaýly Szýuý Wenszýun gatnaşar.
2023-nji ýylda rapid we blitz boýunça dünýä çempionlary Karlsen we russiýaly Anastasiýa Bondaruk boldular. Ýaryş dekabr aýynyň ahyrynda Samarkantda (Özbegistan) geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.