Pakistanyň senagat ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geler

23.06.2024, 14:405,434

24-26-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolar. Saparyň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýum mümkinçilikleri boýunça gepleşikler geçiriler.

Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň federal ministriniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenilip geçildi.
Taraplar öňde boljak sapar hem-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ugurlary barada pikir alyşdylar.
Associated Press of Pakistan neşiriniň habaryna görä, ministr Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Pakistanyň ileri tutýan wezipeleriniň biridigini belläp, bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň ilçisi ikitaraplaýyn söwdany we maýa goýumy ösdürmek üçin bilelikdäki söwda sergilerini guramagy teklip etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.