Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

05.07.2024, 07:5628,703

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Uttar-Pradeş ştatyndaky dini ýygnanyşykda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren pajygaly basa-baslyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.