Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe resminamalara gol çekdiler

08.07.2024, 11:413,050
1 / 8

6-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň edaralary bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, şeýle hem BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda dürli ugurlarda özara gatnaşyklara bagyşlanan dört sany resminama gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň arasynda iş üpjünçolik we durmuş goraglylygy ulgamlaryny berkitmäge gönükdirilen Bilelikdäki maksatnamalaýyn resminama;
  • Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topary bilen BMGÖM-niň wekilhanasynyň arasynda Toparyň mümkinçiliklerini artdyrmaga degişli taslama resminama üýtgeşmeler;
  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy institutynyň hem-de BMGÖM-niň wekilhanasynyň arasynda sesýmiki howplary bahalandyrmak boýunça milli mümkinçilikleri berkitmeklige gönükdirilen taslama resminama goşundy;
  • Aşgabadyň Adwokatlar kollegiýasynyň Prezidiumy bilen BMGÖM-niň wekilhanasynyň arasynda adwokatlar birleşmeleriniň adam hukuklaryny goramak ulgamynda mümkinçiliklerini artyamaga bagyşlanan 2024-2025-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.