Aşgabatda «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň» ýerine başga seýilgäh gurlar

08.07.2024, 11:2719,956

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň» ýerine seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar 2024-nji ýylyň 16-njy awgustyna çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda kabul edilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.