Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy çalyşdy

12.07.2024, 21:4512,976

Prezident Serdar Berdimuhamedow A.Aşyrowy saglyk ýagdaýy sebäpli,  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy.

Bu wezipä «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinde işlän M.Rejepow bellenildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
M.Rejepow döwlet Baştutanyny Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň  öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.