Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynyň prokuroryny çalyşdy

13.07.2024, 09:0624,544

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Nurmyradowiç Wekilow Lebap welaýatynyň prokurory wezipesine bellenilip, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýustisiýanyň geňeşçisi Muhammetoraz Kakalyýewiç Gurbanow Lebap welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.