Serdar Berdimuhamedow Ursula fon der Lýaýeni Ýewropa Komissiýasynyň Başlyklygyna gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

22.07.2024, 08:545,395

Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny beýan edip, ýurdumyzyň onuň Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde hem ösdürilmegini goldaýandygyny belledi. Şeýle-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljegi uly ugurlar boýunça ilerletmekde tagalla etmäge taýýarlyk tassyklanyldy.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli wezipesinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.