Serdar Berdimuhamedow Müsüriň Prezidentini Ynkylap güni bilen gutlady

23.07.2024, 10:346,020

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň dostlukly halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah Al-Sisä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsüriň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.