Raşid Meredow Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşdy

23.07.2024, 23:515,690
1 / 3

Şu gün Yslamabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda  Şahbaz Şerif türkmen kompaniýalaryny Pakistanyň geljegi uly maýa goýum ýagdaýyndan peýdalanmaga çagyrdy we öz ýurdunyň degişli edaralarynyň daşary ýurt maýadarlaryna ýurduň dürli pudaklaryna maýa goýmagy ýeňilleşdirmekde aýratyn tagalla edýändigini belledi.


Şahbaz Şarif, iki ýurduň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Pakistan-Türkmenistan ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 3-nji tapgyrynyň geçirilmegine kanagatlanma bildirdi we iki ýurduň arasyndaky ähli institusional mehanizmleriň yzygiderli işlenmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle hem, Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda, ykdysady, maýa goýum we medeni gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.