Hytaýyň üsti bilen Gruziýadan Türkmenabada ýene-de bir ýük awiagatnawy ýola goýuldy

24.07.2024, 23:599,551

2024-nji ýylyň iýulyndan Georgian Airways gruzin awiakompaniýasy Tbilisi (Gruziýa) – Meýlan (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Tbilisi (Gruziýa) ugry boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady. Bu barada Türkmenabadyň halkara howa menzili habar berdi.

Täze halkara ýük awiagatnawy Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri Gruziýanyň başga bir awiakompaniýasy “Geosky Georgian International Airlines” kompaniýasy Tbilisi (Gruziýa) – Çžençžou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan)-Sarogosa (Ispaniýa) – Tbilisi (Gruziýa) ugry boýunça yzygiderli ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.