Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň täze bellenilen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

25.07.2024, 00:375,583

24-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki ýurt ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. 
Şeýle hem duşuşygyň barşynda “Merkezi Aziýa + Germaniýa” dialogynyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, senagat, oba hojalyk, bank we ulag-kommunikasiýa ulgamlary ýaly möhüm ugurlar netijeli gatnaşyklaryň hatarynda görkezildi. 
Oňyn ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda, şeýle hem şu ýyllaryň dowamynda  ýola goýlan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun  eýeleýändigi bellenildi. 
Şeýle hem iki dostlukly halkyň bähbidine özara Medeniýet günlerini geçirmek, muzeý işi babatda tejribe alyşmak hem-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň zerurdygy nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.