Raşid Meredow Pakistanyň nebit ministri bilen TOPH taslamasyny maslahatlaşdy

25.07.2024, 07:083,476

24-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçiliklerine seredildi.
Bu uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa sebitinde durnukly durumuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenildi.
Taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk meseleleri çözmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.