Türkmenistanyň Prezidenti 3 welaýatyň häkimlerini çalyşdy

30.07.2024, 10:4113,530

29-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda welaýatlaryň häkimlerini bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda,

  • Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradow bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
  • Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory wezipesinde işleýän Döwletgeldi Seýidowiç Babaýew bellenildi.
  • Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýew, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işleýän Maksat Kowusowiç Annanepesow bellenildi.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow sebitleriň häkimleriniň orunbasarlaryny wezipe bellemek hakynda resminamalara gol çekdi:

  • Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewa, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Tawus Meýlisowna Amanowa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Arzygül Agamyradowna Orazowa, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Çemen Jumamyrat gyzy Akyýewa Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Gülsenem Baýrammyradowna Mämmedowa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Abdyrahman Seýitniýazowiç Babaniýazow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Rahymberdi Hydyrow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.