Serdar Berdimuhamedow birnäçe etraplaryň häkimleriniň orunbasarlaryny çalyşdy

01.08.2024, 10:4217,246

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň käbir etraplarynyň häkimleriniň orunbasarlaryny wezipeden boşatmak hem-de wezipä bellemek hakynda resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen,

  • Nurgeldiýew Aýdogdy Geldimämmedowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Döwrangeldi Ezizgeldiýewiç Baýramow bellenildi.
  • Öräýew Mämetgeldi Amanmyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Aşyrmyrat Rejepdurdyýewiç Sapardurdyýew bellenildi.
  • Atakeýew Merdan Tirkeşowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Ataş Myradowiç Oraýew bellenildi.
  • Baýramdurdyýew Gurbandurdy, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Atamurat Otuzbaýewiç Kanjanow bellenildi.
  • Baýramgeldiýew Kuwwatgeldi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Begenç Nobatowiç Bazarow bellenildi.
  • Baýmuhammet Maksatmyradowiç Nurmämmedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.