Serdar Berdimuhamedow Balkan, Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda birnäçe etrap häkimlerini çalyşdy

01.08.2024, 11:5324,705

Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan, Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynyň käbir etraplarynyň häkimlerini wezipeden boşatmak hem-de wezipä bellemek hakynda resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda,

Ahal welaýaty boýunça

  • Orazow Perhat Annagurbanowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä öň Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Serdar Orazmyradowiç Ataýew bellenildi.
  • Baýgeldiýew Guwançmyrat Kakalyýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Tejen etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary Guwançmyrat Orazmyradowiç Ýazmyradow bellenildi.

Balkan welaýaty boýunça

  • Hojaýew Serdar Töräýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Esenguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Arçyn Japardurdyýewiç Ýegendurdyýew bellenildi.

Mary welaýaty boýunça

  • Gylyjow Saparmyrat Aşyrowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä  Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary Maksat Kakabaýewiç Amanmyradow bellenildi.
  • Goşaýew Muhammetmyrat Tagandurdyýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Ýolöten etrabynyň häkiminiň orunbasary Muhammetdurdy Rahmatullaýewiç Mämiýew bellenildi.
  • Agamyradow Agamyrat Berdimyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Murgap etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Ýazmyrat Gurbangeldiýewiç Çaryýew bellenildi.

Lebap welaýaty boýunça

  • Seýidow Astanogly Kullyýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Rustam Narkulyýewiç Jumaýew bellenildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.