«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça ýeňijileri yglan edildi

02.08.2024, 13:175,018
1 / 2

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki seýilgähde «Ýaňlan, Diýarym!» atly bäsleşigiň  welaýat derejesinde jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bu tapgyra bäsleşigiň etrap-şäherlerdäki deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.
Bäsleşige gatnaşan zehinli ýaş estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi we çeperçilik derejesi hem talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalarynda möhüm orun eýeledi. Çäksiz şatlyk-şowhuna eýe bolan aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji pursatlary has-da gyzykly, tolgundyryjy boldy. Şeýlelikde, öňe saýlanan zehinli ýaş aýdymçylardan welaýatyň Balkanabat şäherinden Guwanç Toýçyýew, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinden Hally Babaýew «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.