Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy

03.08.2024, 23:4217,563

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri 3-nji awgustda dikuçarda Arkadag şäherine amala aşyran nobatdaky iş saparynyň barşynda aýtdy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow “Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berendigini,  hemişe bolşy ýaly,  olaryň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç almaklaryna zerur şertleriň döredilendigi, üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirip, özüniň hem zähmet rugsadyna gidýändigini aýtdy”.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.