17-nji awgustda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler

06.08.2024, 12:004,252

17-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar.
Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
39-19-20,
39-19-21.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.