Dana Uaýt: orta agramda UFC tituly üçin indiki dalaşgär Striklend bolar

16.08.2024, 10:226,965

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Şon Striklendiň (29-6) orta agramda UFC-niň çempiony titulyna indiki dalaşgär boljakdygyny aýtdy. Bu barada MMA Insight portaly habar berýär.

Amerikaly söweşiji diwizionyň reýtinginde birinji orny eýeleýär.
Diwizionyň häzirki çempiony Drikus dýu Plessi 18-nji awgustda Awstraliýanyň Pert şäherinde öňki çempion Israel Adesanýa garşy söweşer. Bu söweşden soň guşak üçin mümkinçiligi Striklend alar.
Şeýle-de, UFC-niň başlygy Konor Makgregoryň 2024-nji ýylda oktagona gaýdyp gelmejekdigini tassyklady.

“Biz onuň bilen gürleşdik. Ol, hakykatdanam, söweşmek isleýär. Ýöne bu ýyl bolmaz” – diýip, MMA Junkie Uaýtyň metbugat konferensiýasynda aýdan sözlerini getirýär.

Şikes alan irlandiýaly söweşiji 29-njy iýuna meýilleşdirilen Maýkl Çendler bilen söweşden çekilmäge mejbur boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.