Samsung Galaxy S25 Ultra smartfonynyň render suratlary paýlaşyldy

16.08.2024, 15:2414,456
1 / 3

Ice Universe ady bilen hereket edýän insaýder Samsung Galaxy S25 Ultra smartfonynyň render suratyny paýlaşdy. Suratda korpusyň aýlaw burçlaryny hem-de dizaýndaky beýleki üýtgeşmeleri görmek bolýar diýip, IXBT habar berýär.

«Ekran has ulalar, korpus bolsa ýukalar, titan ergininden ýasalan gapdal çarçuwa has inçe bolar, ekranyň korpusa bolan gatnaşygy bolsa Samsung-yň rekordyny nobatdaky gezek täzelär" - diýip, Ice Universe ýazýar.


Insaýder şeýle hem Galaxy S25 Ultra-nyň iPhone 16 Pro Max we Galaxy S24 Ultra bilen deňeşdirme suratlaryny getirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.