Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda täze häkimleri belledi

17.08.2024, 12:4328,129

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň hem-de käbir etraplarynyň häkimlerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi. Degişli resminamalara döwlet Baştutany 16-njy awgustda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda,

  • Amanmyradow Kakamyrad, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Mary şäheriniň täze häkimi wezipesine Kakageldi Atajanowiç Saryýew bellenildi;
  • Amanow Gowşutmurat Muhammetberdiýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Daýanç Atamyradow bellenildi;
  • Gökçeýew Begmyrat Ýagşymyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Muhammetserdar Çarymyradowiç Aşyrow bellenildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.