Honor täze Magic V3 smartfonyny çykarmazyndan ozal Samsung-a degsinýär

24.08.2024, 15:117,073

Honor täze Magic V3 smartfonynyň 5-nji sentýabrda çykaryljakdygyny mälim etdi diýip, IXBT habar berýär.

Täze smartfon çykarylmazyndan ozal, kompaniýa Magic V3-üň galyňlygyny Samsung Galaxy Z Fold smartfonlarynyňky bilen deňeşdirip, twit çap etdi. Tizer, Magic V3-üň Galaxy Z Fold 6, Galaxy Z Fold 5 we Galaxy Z Fold 4-den has inçe boljakdygyny görkezýär.
Eplenen Magic V3-üň galyňlygy 9,3 mm bolar, Galaxy Z Fold 6-ň galyňlygy bolsa 12,1 mm.
Honor: "Belki, bir gün siz hem başararsyňyz [şeýle inçe smartfon döredip bilersiňiz]".

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.