Parižde Paralimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi

29.08.2024, 13:007,184

Parižde XVI tomusky Paralimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Taryhda ilkinji gezek dabara stadionda däl-de, Ylalaşyk meýdançasynda (Place de la Concorde) geçirilip, türgenleri, tomaşaçylary we tutuş şäheri birleşdiren gyzgalaňly çärä öwrüldi.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Oýunlary resmi taýdan açyk diýip yglan edip, sport baýramçylygyna badalga berdi. Paralimpiada 8-nji sentýabra çenli dowam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.