Galaxy Tab S10 Plus-yň we S10 Ultra-nyň ilkinji suratlary peýda boldy

30.08.2024, 10:222,271
1 / 3

Internetde Samsung-yň geljekki iki sany flagman — Galaxy Tab S10 Plus we Galaxy Tab S10 Ultra planşetleriniň suratlary peýda boldy. Render suratlary Android Headlines portaly neşir etdi.

Suratdaky planşetleriň düýbünden täzedigine garamazdan, olar häzirki Galaxy Tab S9 Plus we Galaxy Tab S9 Ultra planşetlerine diýseň meňzeş. Aslynda bu geň hem däl, çünki Samsung flagman smartfonlarynyň hem dizaýny babatda tejribe etmegi saýlamaýar.
Modelleriň her biri iki reňkde hödürlener - açyk çal we grafit (Galaxy Tab S10 Plus açyk çal reňkde, Galaxy S10 Ultra bolsa — grafit reňkde görkezilen).

Galaxy Tab S10 Ultra. Фото: Android Headlines

Galaxy Tab S10 Plus. Фото: Android Headlines

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.