Türkmenistan ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Sanly okuw hepdeligine gatnaşýar

04.09.2024, 14:185,073
1 / 3

Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Sanly okuw hepdeligi 2024 badalga aldy. Bu ýyl hepdelik «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda geçirilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň bilim boýunça Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorin Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.
Sanly okuw hepdeligi 2024-iň çäklerinde bilim ministrler derejesinde tegelek stol geçirildi. Duşuşygyň barşynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine ilçi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýew we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy G.Gurdowa wekilçilik etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.