Şon Bredi UFC Fight Night 242-niň esasy söweşinde Gilbert Býornsdan üstün çykdy

08.09.2024, 19:297,635

8-nji sentýabra geçilen gije Las-Wegasda (ABŞ) UFC Fight Night 242 ýaryşy geçirildi we onuň esasy söweşinde amerikaly Şon Bredi bilen braziliýaly Gilbert Býorns duşuşdy.

Söweş tutuş bäş raund dowam etdi, emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Bredi ýeňiş gazandy.
Bu ýeňiş amerikaly söweşiji üçin yzygider ikinji ýeňiş boldy, ol öz rekordyny 17 ýeňşe we bir ýeňlişe ýetirdi. Yzygider üçünji gezek ýeňlişe sezewar bolan Býornsyň hasabynda 22 ýeňiş we 8 ýeňliş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.