Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy çalşyldy

10.09.2024, 09:5021,890

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Bu Agentligiň başlygy wezipesine Hangeldi Şirdogdyýewiç Kerimow bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara 9-njy sentýabrda gol çekdi. Olar metbugatda çap edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.