LG içine ekran oturdylan eşikleri hödürledi: dizaýny üýtgedip bolýar

10.09.2024, 06:277,377

LG kompaniýasy Seuldaky moda hepdeliginde Stretchable displeýleriniň täze görnüşini hödürledi. Bu displeýler 100ppi durulygy saklamak we doly reňk spektrini bermek bilen süýnüp, eplenip we towlanyp bilýär.

Hi-Tech Mail-iň belleýşi ýaly, innowasion ekranlar geýim we sumka düşünjelerine birleşdirilip, modanyň dizaýnerleri üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär.
Koreýanyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň biri bolan Ýun-Hi Park: “Süýnýän displeýler modalar dünýäsine täze bir paradigma getirer” -diýdi.
Gurluşyň prototipi ilkinji gezek 2022-nji ýylda LG Display tarapyndan hödürlendi we şondan bäri ösüşde ep-esli öňe gidişlik boldy.
Stretchable displeýlerini, ygtybarlylygyny we berkligini ýokarlandyrmak üçin, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli hasam ösdürmek meýilleşdirilýär. LG olary  köpçülikleýin sarp edijilere elýeterli boljak gündelik eşiklerde ulanmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.