Ilon Mask emeli aňy ösdürmek üçin xAI bilen Tesla-nyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirýär

12.09.2024, 10:535,348

Ilon Maskyň xAI startapy bilen Tesla kompaniýasy emeli aň pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar diýip, The Wall Street Journal ýazýar.

Tesla Full Self-Driving (FSD) programma üpjünçiligini goldamak we girdejiniň bir bölegini startap bilen paýlaşmak üçin xAI-yň emeli aň modellerine ygtyýarnama berer. xAI bolsa, ses kömekçisi we Optimus roboty üçin programma üpjünçiligini öz içine alýan Tesla-nyň täze funksiýalarynyň işlenip düzülmegine gatnaşar.
Tesla sürüjileri üçin FSD-niň bahasy aýda 99 dollar ýa-da aýratyn ulanyş üçin 8000 dollar bolar. Şeýle hem Tesla robotaksileri satyp başlamagy meýilleşdirýär. Ozal Mask FSD-niň Teslanyň üstünligini birnäçe trillion dollara çenli ýokarlandyryp biljekdigini aýdypdy.
xAI bilen hyzmatdaşlyk Maskyň kompaniýalarynyň arasynda serişdeleri paýlamak tejribesini ýokarlandyrar. xAI eýýäm Tesla-nyň işgärlerini hakyna tutdy we möhüm enjamlary aldy. Şeýle hem Mask xAI Grok çatbotyny Tesla programma üpjünçiligine birikdirmek mümkinçiligini belläp geçdi.
Maý aýynda xAI dürli maýadarlardan 6 milliard dollar özüne çekdi. Tesla hem öz gezeginde şu ýyl emeli aňy ösdürmek üçin 10 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.