Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

12.09.2024, 13:295,776

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýewiň Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Burhanettin Duran bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Ankaradaky türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynda habar berdiler.

Duşuşygyň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegi ylalaşdylar.
Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hyzmatdaşlygyň ösüş depginine kanagatlanma bildirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.