Marokkodan Günorta Afrika: Citroën elektromobillerini 13,5 müň km-lik ýol syýahatyna iberer

12.09.2024, 18:378,125

Afrika ekspedisiýasynyň 100 ýyllygy mynasybetli, Citroën fransuz awtoulag markasy oktýabr aýynda 13 500 km-lik ýol syýahatyna dört sany elektromobil iberer diýip, pv magazine habar berýär.

La Croisière Verte diýlip atlandyrylýan ekspedisiýa Marokkoda başlap, 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda Keýptaun (Günorta Afrika) şäherinde tamamlanar.
Citroën syýahat üçin 5600 Wt kuwwatlylygy bolan Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylan ýörite awtoulag modellerini döretdi. Paneller ugur boýunça we awtoulaglaryň üçeginde gurlar we Afrikanyň kyn ýollaryny ýeňip geçmek üçin ulagy zerur energiýa bilen üpjün eder.
Her Citroën AMI elektromobili  güýçlendirilen akkumulýatorlar, gaýşy herekete getirýän çarhlar we ulaldylan klirens aldy. Mundan başga-da, ýolagçylar gijäni awtoulaglaryň üçeginde geçirmeli bolarlar.
La Croisière Verte ekspedisiýasy ykjam we ýeňil elektromobilleriň uzak syýahat mümkinçiliklerini görkezmegi we ekologiýa taýdan arassa çözgütleriň gündelik durmuş üçin peýdalaryny görkezmegi maksat edinýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.