«SKYTAXI sp. z o.o.» kompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň howa menziline tehniki gonuş etdi

13.09.2024, 12:5315,058
1 / 2

12-nji sentýabrda Polşanyň «SKYTAXI sp. z o.o.» awiakompaniýasynyň Boeing 767 ýük uçary ilkinji gezek Türkmenabadyň halkara howa menziline tehniki gonuş etdi. 

Tehniki gonuş "Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi" APJ-nyň goldaw bermeginde amala aşyryldy. Ýük uçary Hytaý-Ýewropa ugry boýunça gatnawy amala aşyrýar.
Tehniki gonuşyň dowamynda Türkmenabadyň halkara howa menzili zerur bolan hyzmatlary, şol sanda awiaýangyç guýmak hyzmatlaryny berdi diýip, APJ-nyň saýtynda habar berilýär.
Geljekde Türkmenabadyň halkara howa menziliniň üsti bilen şu görnüşdäki tehniki gonuşlary gündelik amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.