Resmi taýdan yglan edildi: Jon Jons bilen Stipe Mioçiç UFC 309-da duşuşar

16.09.2024, 13:257,144
1 / 2

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) prezidenti Dana Uaýt X sosial ulgamynda häzirki çempion Jon Jons bilen Stipe Mioçiçiň arasynda agyr agramda söweş geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi. 

Amerikaly söweşijiler 16-njy noýabrda Nýu-Ýorkda geçiriljek UFC 309 ýaryşynyň esasy wakasynda duşuşarlar. Bu söweş UFC 295-de geçirilmelidi, ýöne Jonsuň türgenleşik wagty kükrek myşsasy dartyldy.
Şeýle-de, Uaýt ýeňil agramda guramanyň öňki çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Maýkl Çendleriň arasynda söweş geçiriljekdigini habar berdi.
Jons 37 ýaşynda, ol agyr agramda UFC-niň çempionydyr. Onuň hasabynda 27 ýeňiş, bir ýeňliş bar, ýene bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplanyldy. Jons soňky söweşini 2023-nji ýylyň mart aýynda geçirip, fransiýaly Siril Gandan üstün çykdy.
Mioçiç soňky gezek 2021-nji ýylyň mart aýynda söweşip, kamerunly Frensis Ngannudan ýeňildi. Guramanyň öňki çempiony bolan 42 ýaşly amerikalynyň hasabynda 20 ýeňiş, dört ýeňliş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.