Ýeriň täze, 53 günlük hemrasy peýda boldy: asteroid planetanyň deňinden geçip gider

17.09.2024, 15:588,323

Ýakynda Madrid uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan açylan Asteroid 2024 RT5 Ýeriň iki aýlyk wagtlaýyn hemrasyna öwrüler. Research Notes of the AAS  žurnalynda çap edilen makalada alymlar Karlos de la Fuente Markos bilen Raul de la Fuente Markos asteroidiň traýektoriýasyny öwrendiler we onuň planeta howp salmaýandygyny bellediler diýip, “Wokrug sweta” neşiri habar berýär.

Asteroidiň gabarasy kiçijik – diametri, takmynan, 10 metre barabardyr we alymlaryň hasaplamalaryna görä, ol 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryndan başlap, 53 gün Ýeriň daşyndan aýlanar. Bu asman jisimi bize Günüň daşyndan aýlanýan köp sanly asteroidiniň bardygy bilen tanalýan Arjuna guşagyndan gelen  bolsa gerek.
Barlagçylar Ýeriň asteroidleri wagtal-wagtal "özüne çekip durýandygyny" we bu ýagdaýyň hem kadadan çykma däldigini belleýärler. Şeýle-de bolsa, gysga wagtlyk “saparyny” tamamlandan soň, asteroid 2024 RT5 Gün ulgamy boýunça syýahatyny dowam etdirer.
Alymlar bu wagtlaýyn hemranyň kosmos galyndylary däldigine ynanýarlar, sebäbi onuň hereketi tebigy gelip çykyşly asteroidleriň traýektoriýasynbyň häsiýetine laýyk gelýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.