Hindistanyň ilçihanasy Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ekologik çäre geçirdi

18.09.2024, 20:149,918
1 / 4

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda bag ekmek boýunça nobatdaky aksiýa geçirdi. Bu gezekki ekologik aksiýa D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi diýip, ilçihananyň Instagram sahypasynda habar berilýär.

Bag ekmek çäresine Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagat D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew bilen bilelikde gatnaşdy.
Bu çäre Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň planetanyň ýaşyl geljegini döretmek we Hindi gününi bellemek baradaky başlangyjyny goldamak maksady bilen geçirildi.
Mundan ozal ilçi Madhumita Hazarika Bhagatyň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bag ekmek çäresiniň geçirilendigini habar beripdik.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.