Samsung Galaxy S25 Plus flagmanynyň renderleri peýda boldy. Ol öňküsinden inçe bolar

19.09.2024, 21:289,905
1 / 3

Belli insaýder Stiw Hemmerstoffer (OnLeaks) Samsung Galaxy S25 Plus-yň täze görnüşlerini neşir etdi. IXBT-iň habar bermegine görä, suratlar Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň geljekki flagmanynyň inçe dizaýly boljakdygyny  we käbir aýratynlyklaryny görkezýär.

Galaxy S25 Plus ozalky Galaxy S24 Plus-dan has inçe, ölçegleri 158,4 x 75,7 x 7,3 mm bolar.
Smartfonda 1-den 120 Hz-a çenli sazlap bolýan täzeleniş tizligi bilen 6,65 dýuýmlyk AMOLED ekrany bolar.
Enjam Qualcomm Snapdragon 8 Gen 4 prosessori bilen üpjün ediler, ýöne käbir sebitlerde Exynos 2500 çipsetli görnüşleri hem elýeter bolup biler.
RAM-yň göwrümi 12 GB, içerki ýady 256 GB bolar.

Samsung Galaxy S25 Plus, tutuş S25 setiri ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda hödürlener.
Stiw Hemmerstoffer Samsung Galaxy S21, Huawei Mate 40, Pixel 5, Sony Xperia XZ4, Google Pixel 4 XL we beýlekiler ýaly smartfonlaryň takyk görkezijilerini syzdyrandygy bilen tanalýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.