Kasym-Žomart Tokaýew Magtymguly Pyragynyň ýubileý medaly bilen sylaglandy

10.10.2024, 18:5312,264
1 / 3

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gazagystanyň Baştutanyna medaly gowşurmak dabarasy 10-njy oktýabrda Aşgabatda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açylyşynda bolup geçdi. Medaly Tokaýewe Türkmenistanyň Halk Maslahatyny Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew medal üçin tüýs ýüreginden minnetdarlyk bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.