Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari Türkmenistana sapar bilen geldi

11.10.2024, 02:358,947
1 / 2

10-njy oktýabrda Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari sapar bilen Aşgabada geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ony Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Amanow garşylady.

Pakistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Asif Ali Zardari türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda çykyş eder. Saparynyň çäklerinde şeýle hem Pakistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen hem gepleşikleri geçirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.