Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Aşgabada geldi

11.10.2024, 02:5515,723

10-njy oktýabrda agşam Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Aşgabada sapar bilen geldi. Türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinden ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow, Eýranyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we işgärleri garşy aldylar diýip, IRNA agentligi habar berýär.

11-nji oktýabrda EYR-nyň Baştutany Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar we onda çykyş eder.
Pezeşkianyň saparynyň maksatnamasynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary hem-de RF-niň Prezidenti W.Putin bilen duşuşyk göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.