Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimini çalyşdy

14.10.2024, 08:0417,541

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýagmurow Atamyrat Badamowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýew Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Degişli resminamalar metbugatda çap edildi.