Oktýabryň ahyrynda Aşgabatda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçiriler

17.10.2024, 06:236,672

27-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçiriler.

Bu bäsleşik bilen ugurdaş türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikler geçiriler. Bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek hakynda Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama t
ürkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.