Türkmenistanda degişli synag barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

19.10.2024, 10:592,341

Türkmenistanda Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň degişli barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler. Degişli teklibi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hödürledi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň işini halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek hem-de akkreditasiýadan geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky çäreler standartlaşdyrmak ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda alyp barmaga, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berer.
Döwlet Baştutany degişli synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.