Jeýms Gorman 2025-nji ýyldan “Walt Disney-iň” direktorlar geňeşine başlyklyk eder

22.10.2024, 13:023,443

Amerikanyň Walt Disney Co. kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesine Jeýms Gorman bellendi. Bu barada kompaniýanyň habaryna salgylanyp, interfax.ru ýazýar.

Ol Mark Parkeriň ornuna geçip, 2025-nji ýyldan başlap, bu wezipä işe girişer.
2024-nji ýylyň ahyryna çenli Gorman Morgan Stanley-iň direktorlar geňeşine başlyklyk edýär. Ol 2024-nji ýylyň başynda Disneýiň (Succession Planning Committee) dolandyryşy üýtgetmegi meýilleşdirmek boýunça komitetine goşuldy.
Geňeşiň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň başynda täze baş direktory yglan etmek meýilleşdirilýär. Häzir kompaniýa Bob Aýger ýolbaşçylyk edýär. Ol başda meýilleşdirilişi ýaly, kompaniýany 2022-nji ýylyň ahyryndan, ýagny iki ýyl bäri dolandyryp gelýär. Şeýle-de bolsa onuň şertnamasy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.