2 müň dollarlyk Samsung Galaxy Z Fold Special Edition bary-ýogy 10 minutda satylyp gutardy

02.11.2024, 11:4011,159
1 / 2

Samsung-yň geçen hepde çykan eplenýän Galaxy Z Fold Special Edition smartfony satuwa çykarylan badyna 10 minutyň içinde satyldy. Bu barada SammyFans.com ýazýar.

Enjam optimal tarap gatnaşygy, inçe profil we 200MP esasy kamerasy bilen has uly displeýleri hödürläp, öňki Fold6 modelinden ep-esli kämilleşdirilendir.
Satuw 7 sagat gijikdirilip başlandy, sebäbi kompaniýa önümçiligiň möçberini  bahalandyrmak üçin wagt gerekdi. Enjama bolan ýokary isleg bölek satuwyň satyjylarynyň we operatorlaryň, önümiň ammarda ýokdugy sebäpli, harydy alyp bilmezliklerine sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, Samsung ilkinji partiýanyň mukdaryny mälim etmedi.
Galaxy Z Fold Special Edition dünýä bazaryna elýeterli bolmaz. Şeýle-de bolsa, Samsung China Telecom bilen hyzmatdaşlykda Hytaý bazaryna Samsung W25 atly flagmany gara-altynsow öwüşginde çykaryp biler.
Günorta Koreýada smartfonyň bahasy 2050 dollar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.