Hindistan 2036-njy ýylda tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek isleýändigini resmi taýdan mälim etdi

08.11.2024, 11:463,757

Hindistanyň Olimpiýa assosiasiýasy (HOA) Halkara Olimpiýa komitetine (HOK) 2036-njy ýylda tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek isleýändigi barada resmi hat iberdi. Bu barada Hindistanyň Ýaşlar we sport işleri boýunça ministrligine salgylanyp, ANI agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, hat HOK-a 1-nji oktýabrda iberildi.
2036-njy ýylyň Oýunlaryny geçirmäge isleg bildirýän beýleki dalaşgärleriň arasynda Türkiýe, Günorta Koreýa, Meksika, Indoneziýa, Polşa, Müsür ýaly ýurtlar hem bar.
2024-nji ýylda Parižde geçirilen soňky tomusky Olimpiýa oýunlarynda Hindistan bäş bürünç we bir kümüş medal bilen medal sanawynda 71-nji orny eýeledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.